Magtymguly Pyragy - Iş bolmaz / Turkmen Goshgy / Туркмен гошгы
#magtymguly #pyragy Iş bolmaz Gel köňlüm, sydk ile ýalbar Allaha, Ýaradandan hiç ýaşyryn iş bolmaz. Ryzk bir mukdardyr şahu-gedaga, Galam birdir, munda ýazan biş bolmaz. Bir niçeler ýortar gije ýamaýyn, Birew ýatyr, öýde mähnet tartmaýyn, Takdyry-ezelden hergiz artmaýyn Gezgen artyk bolup, ýatan boş bolmaz. Bir goç ýigit ýalan dünýäge gelse, Gylyk, gylyç, çörek, desterhan bolsa, Ýalançyda abraý hem iman bolsa, Ýetmiş, segsen, ýüzden artyk ýaş bolmaz. Kimseler döwletmend, kimseler garyp, Kimseler haýr edip, zekatyn berip, Kimseler ömründe nan diýip ýörip, Kimselerde ýassyk, düşek, aş bolmaz. Magtymguly bu günüňe şükr eýle, Allahyň gudratyn görüp, pikr eýle, Ryzk üçin gam iýme, Haka zikr eýle, Ezelde ýazylan senden daş bolmaz.
Название:
Magtymguly Pyragy - Iş bolmaz / Turkmen Goshgy / Туркмен гошгы
Категория:
Разное